22-nji awgustda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň
Merkezi serkerdeler öýünde aýdym-sazly hoşallyk maslahaty geçirildi. Dabara Türkmenistanyň
Döwlet serhet gullugynyň ýanyndaky ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy
edaralarynyň Hojalyk müdiriýetiniň täze binalar toplumynyň açylyp ulanylmaga
berilmegine bagyşlandy. Maslahatda çykyş edenler täze toplumyň açylyp
ulanylmaga berilmeginiň harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň
kämilleşdirilmegi hakynda aýratyn alada edilýändigini ýene bir ýola subut
edýändigini buýsanç bilen nygtadylar. Bu ýerde binagärçilik sungatynyň
gazananlary bilen milli ýörelgeleriň utgaşdyrylmagy esasynda gurlan binalarda
harby gullukçylaryň mukaddes gulluk borçlaryny maksadalaýyk alyp barmaklary,
şonuň bilen bir hatarda ekerançylyk we maldarçylyk boýunça kömekçi hojalyklaryň
işlerini ýerine ýetirmekleri üçin ähli amatlyklar döredilendir. Galyberse-de,
çykyşlarda Hojalyk müdiriýetiniň kömekçi hojalyklarynda gök önümleri ösdürip
ýetişdirmegiň, maldarçylygy ösdürmegiň ykdysady taýdan bähbitlidigi, bu işleriň
azyk bolçulygyny pugtalandyrmak bilen bir hatarda, ýaş esgerlerde zähmete bolan
söýgini terbiýelemekde-de zerurdygy bellenildi.
Dabara gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň harby
gullukçylar bilen söhbetdeş bolmagynyň, olaryň ýaşaýyş-durmuşy, isleg-arzuwlary
bilen gyzyklanmagynyň her bir Watan goragçylsy üçin belent mertebedigini
buýsanç bilen belläp geçdiler. Munuň özi ýurdumyzda harby gullukçylar üçin
aýratyn alada edilýändigini ýene bir ýola subut edýär.
Hoşallyk
maslahatynyň çäklerinde harby gullukçylaryň ýerine ýetirmeklerinde hoş owazlar
ýaňlandy. Watançylyk häsiýetli nagmalarda eziz Diýarymyzyň guwandyryjy
üstünlikleri, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli
işleri, Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary belentden wasp edildi.
Hoşallyk
maslahatynyň ahyrynda ýurdumyzyň harby we hukuk
goraýjy edaralarynyň harby gullukçylary hakynda edilýän şeýle uly aladalar üçin
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri
ýaňlandy.