Hojalyk müdiriýetiniň täze binalar toplumynda serhetçileriň ýaşaýyş-durmuş
şertleri bilen tanyşlygyň dowamynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýolbaşçylary
esgerleriň ýatakhanasyna baryp gördüler. Onda oňaýly dynç almak üçin ähli zerur
şertler döredilipdir.
Göwnejaý enjamlaşdyrylan esger ýatakhanasynda harby gullukçylar üçin
niýetlenen serişdeler bilen bir hatarda, olaryň harby we sport lybaslarynyň
görnüşleri goýlupdyr. Ýeri gelende aýtsak, bu lybaslaryň ýurdumyzyň häzirki
zaman ülňülerine laýyk enjamlaşdyrylan dokma toplumlarynda ekologiýa taýdan
arassa çig maldan taýýarlanylandygyny aýratyn bellemek gerek.