Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Milli goşun»
žurnalynyň redaksiýasynyň web-saýtynyň üsti bilen harby gulluga çagyryş barada
esasy bilmeli maglumatlary size ýetirmegi makul bildik.
Harby gulluga çagyryş ýylda iki gezek, ýagny, ýaz
möwsüminde – 1-nji aprelden 30-njy iýuna çenli hem-de güýz möwsüminde – 1-nji
oktýabrdan 31-nji dekabra çenli amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň «Harby gulluk we harby borçlulyk
hakyndaky» Kanunyna laýyklykda, harby gulluga 18 ýaşdan 27 ýaş aralygyndaky
erkek raýatlar çagyrylýar.
Harby gulluga ugradyljak ýigitler bilen etrap
hem-de şäher harby wekilliklerinde wagyz-nesihat duşuşyklary, düşündiriş işleri
yzygiderli geçirilýär. Raýatyň harby wekillikden harby bölüme ugradylan gününden
harby gulluk başlanýar.
Esgerler öz ukyp-başarnyklaryna we raýat
hünärlerine görä, harby bölümlere paýlanýarlar. Harby gullukda olara harby hünärler bilen
birlikde, häzirki zaman harby tehnikalaryny dolandyrmak hem öwredilýär.
– Geljekki esgerlere harby
gullukçylaryň gündelik şertlerine öwrenişmek hem möhümdir. Harby gullukçylar
adaty gün tertibine görä, agşam sagat 22:00-da ýatyp, irden 06:00-da turýarlar.
Esgerler ukudan turan dessine beden maşklaryny ýerine ýetirýärler, uzak
aralyklara ylgaýarlar we turnikde göwresini çekýärler – diýip, borçnama boýunça
harby gullugyň starşinasy Parahat Baýmyradow gürrüň berýär.
Her bir esger üçin iň möhüm zat –
islendik ýagdaýda Watan goragçysynyň belent derejesine mynasyp bolmakdyr. Bu
onuň batyrgaý, ugurtapyjy we harby kasama wepaly bolmalydygyny aňladýar.
«Milli goşun».