Türkmenistanyň
Ýaragly Güýçleriniň harby bölümlerinde çagyryş boýunça harby gullugy geçýän
esgerleriň arasynda «Iň gowy diwar gazeti», «Ylham joşguny» we «Iň gowy nyzam
aýdymy» atly döredijilik bäsleşikleri geçirilýär.
Şeýle çäreleriň
geçirilmegi esgerleriň döredijilik ukyplaryny açmaga, medeniýet sowatlylygyny
ýokarlandyrmaga we gündelik harby durmuşynyň manyly geçmegine oňaýly täsir
edip, gullukdaş ýoldaşlary bilen dil tapyşmaga kömek edýär we umumylykda şahsy
düzümiň söweşjeň ruhuny berkidýär.
Hormatly
Belent Serkerdebaşymyzyň öz çykyşlarynda nygtap geçişi ýaly, mukaddes Watanymyzyň territorial bitewiliginiň
girewi hökmünde diňe ähli tarapdan ýokary bilimli, tehniki we gumanitar taýdan
sowatly harby hünärmenler bolup bilýärler.
«Milli goşun.