milli goshun logo
Harby bilim okuwçylary döredijilige ruhlandyrýar
Harby bilim okuwçylary döredijilige ruhlandyrýar
01.04.2020 3267 Harby Bilim

Okuw sapaklarynyň hilini ýokarlandyrmak hem-de harby bilim alýan okuwçylaryň aň we döredijilik taýdan kämilleşmegi üçin ähli şertleri döretmek – Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň esasy maksatlarynyň biri bolup durýar. Bu ýyl mekdepde okuwçylaryň medeni dynç almaklary we öz ukyp-başarnyklaryny ösdürmekleri üçin birnäçe ýöriteleşdirilen döwrebap okuw otaglary açyldy. Olaryň biri-de ýetginjekleriň aýdym aýtmak ukyplaryny ýokary derejede kämilleşdirmegi üçin döredilen «Karaoke» otagydyr.

Bu ýerde karaokeniň kömegi bilen her gün bir täze aýdymy ýat tutup öwrenýän 11-nji synp zehinli harby okuwçy Meýlis Ýagşymyradow bilen tanyşdyk. Ýetginjek bize harby bilimiň oňa berýän täze mümkinçilikleri we meşgullanýan döredijiligi barada gürrüň berdi.

Ilkinji gezek aýdym-saz sungaty bilen Meýlis Ýagşymyradow umumy bilim berýän orta mekdebiň birinji synpynda gyzyklanyp başlapdyr. Gyz doganlarynyň döredijilik üstünlikleri oňa aýratyn täsir edýär. Olaryň biri suratkeş, beýlekisi bolsa, häzirki wagtda telewideniýäniň köp sanly tomaşaçylarynyň söýgüsine mynasyp bolan meşhur halk aýdymçysydyr.

Geljekki Watan goragçysy olaryň göreldesinden ylham alyp, Aşgabat şäheriniň 2-nji ýöriteleşdirilen aýdym-saz mekdebinde okuwyny dowam etdirýär. Ol ýerde hor gurnagyna gatnap, ussat halypalaryň elinde bilim alýar. Gulbaba adyndaky çagalar baýragy we «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» aýdym-saz bäsleşigi ýaly çagalaryň arasynda geçirilýän köp sanly bäsleşikde ýeňiji bolýar.

Ýaş aýdymçynyň halypalary we bäsleşikleriň emin agzalary onuň üstünlik gazanjakdygyna öňünden ynanýarlar. Şeýle-de bolsa, Meýlis Ýagşymyradowy ýakyndan tanaýan adamlar onuň üçin aýdym-saz sungaty ýeke-täk gyzyklanýan zady däldigini bilýärdiler. Ol Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde okuwyny dowam etdirmek barada karara gelende, garyndaşlary we ýakyn dostlary asla geň galmadylar.

«Harby lybas geýýän adamlar jemgyýetde aýratyn mertebä eýedir. Parahatçylygy üpjün edýändigi, bizi goraýandyklary üçin olara uly hormat goýulýar. Şonuň üçin çagalykdan harby ulgamda işlemäge islegim bardy. Men harby gullukçylary göremde hemişe täsirli duýgulary başdan geçirýärdim, şonuň üçin elmydama harby lybasy geýip, edil özümde döreýän duýgulary daş-töwerekdäkilerde hem oýandyrmagy arzuw edýärdim» – diýip, Meýlis Ýagşymyradow gürrüň berýär.

Ýöriteleşdirilen harby mekdebe girmegi meýilleşdiren ýetginjek, ozal meşgullanan döredijilik güýmenjelerinden ýüz öwürmegi ýüregine düwýär. Ol: «Harby bilim we goşun gullugy sungat bilen baglanyşykly hiç zady öz içine almaýar» diýip pikir edýärdi. Şeýle-de bolsa, täze mekdepde okuwynyň birinji ýylynda mekdebiň harby okuwçylarynyň arasynda aýdym bäsleşigine gatnaşýar. Onda birinji orny eýelän ýaş aýdymçy toparynyň, mugallymlarynyň we serkerdeleriň arasynda aýratyn hormat gazanýar.

        «Mekdebimizdäki agzybirlik örän jebis. Bu ýerde seniň zehinleriňe mynasyp baha goýýarlar we sen olary ösdürer ýaly ähli şertleri nazara alýarlar. Mysal üçin, hut şu ýerde men gitara çalmagy öwrendim. Serkerdelerimiziň goldawy bilen ilkinji gezek döredijilik telebäsleşiklerinde çykyş edip başladym».

Harby mekdepde okap başlan döwri Meýlis Ýagşymyradowyň harby pudaga bolan garaýşy düýpgöter üýtgeýär. Onuň döredijiligi çäklendirmän, gaýtam ony höweslendirýändigine göz ýetirýär. Ol Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň harby gullukçylary bilen aragatnaşyk saklanda muňa aýdyň düşünýär. Olar bilen bilelikde ýetginjek Watan goragçylarynyň gününe, Ýeňiş gününe, Täze ýyla we beýleki baýramçylyklara bagyşlanan döwlet derejesindäki konsertlerde çykyş etdi. Bilelikdäki çäreler we taýýarlyklar ýaş aýdymça köp zat öwretdi, iň esasy bolsa, oňa geljekki hünärini kesgitlemäge kömek etdi.

«Goşun gullugynyň we harby bilimiň esasy wezipeleriniň biri – adamda iň gowy häsiýetleri ýüze çykaryp, olary kämilleşdirmek. Muňa düşünenimden soň, terbiýeçi serkerde bolmaga höwes edýärin diýip karara geldim. Hut şu ugur boýunça gulluk edip, öz ukyp-başarnyklarymy doly açyp bilerin we şol bir wagtyň özünde halaýan döredijilik işimden daşlaşmaryn diýip pikir edýärin».

Häzirki wagtda Meýlis Ýagşymyradow Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutyna okuwa dalaşgärlige işjeň taýýarlanýar. Synpdaşlary bilen bilelikde synaglara taýýarlanýar we hepdede bir gezek taýýarlyk synaglaryndan geçýär. Olar ýurdumyzyň ýokary harby okuw mekdebine giriş synaglarynyň gurnalan görnüşine ýakynlaşdyrylan ýagdaýda geçirilýär.

«Harby mekdebiň talaplary örän güýçli. Bu hem tertip-düzgüne, hem bedenterbiýä, hem okuw sapaklaryna degişlidir. Emma bu ýerde öwredilýän iň möhüm zat – jogapkärçilik. Jogapkärçiligiň bar ýerinde bolsa, üstünlik hem bardyr» – diýip, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň geljekki serkerdesi gürrüň berýär.

«Milli goşun».