«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň
ilkinji aýynda giň gerimde bellenilýän Watan goragçylarynyň güni harby we hukuk
goraýjy edaralaryň şahsy düzümi üçin belent mertebedir. Her ýylda bolşy ýaly,
ýurt goragçylarynyň baýramy hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň baştutanlygynda
ýokary guramaçylykly bellenilip geçilýär.
Asylly däbe görä, Watan goragçylarynyň
gününiň saba-säheri mukaddes topragy, ata Watany goran gerçekleri hatyralamak
dabarasyndan başlandy. Merdana harby gullukçylar Türkmenistanyň Goranmak
ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby
mekdebindäki gahrymançylykly durmuş we ömür ýoly bilen hakyky watançylygyň,
adamkärçiligiň we belent borja wepalylygyň nusgasy, Watanymyzyň merdana ogly,
ýurt goran gerçegi, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň mähriban atasy, edermen
esger, ilhalar ynsan, ussat mugallym, ajaýyp watançy Berdimuhamet Annaýewiň
heýkeline ter gül desselerini goýdular.
Hut şonuň ýaly, «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna
gül desserlerini goýmak dabarasyna harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri,
serkerdeler, harby talyplar, harby okuwçylardyr esgerler gatnaşyp, halkyň
hakydasynyň öçmejek nyşanyna öwrülen, Watanyň wepaly ogullarynyň, ýurt goran
merdana gerçekleriň hatyrasyna gül çemenlerini goýdular, Watany janyndan ilerde
goýan atalarymyzyň, milletimiziň mert ogullarynyň öňünde baş egip, ruhy tagzym
etdiler.
«Milli goşun».