29-njy iýunda paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň öňündäki
meýdançada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan gününe
bagyşlanan baýramçylyk konserti boldy.
Baýramçylyk konserti meşhur sazandalaryň,
estrada aýdymçylarynyň we tans toparlarynyň täsirli çykyşlary bilen dowam etdi.
Şeýle hem bu ýerde mähriban Watanymyzyň üstünliklerini, onuň tebigy gözelligini
we berkararlygyny wasp edýän täze döredilen aýdymlar ýaňlandy. Hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine döredilen ajaýyp aýdymlar
konserte tomaşa edýänler üçin özboluşly baýramçylyk sowgadyna öwrüldi.