Watan mukaddesligi hakynda söz gozgalanda islendik raýatyň kalby, durky-düýrmegi mähir-muhabbete beslenýär. Watanyň mähri-de, Watan hakyndaky gozgalýan gürrüňlere siňdirilen mähir hem, Watanyň taryhy-da, şu güni-de, geljegi-de bizi biparh goýmaýar. Onuň ösüş-özgerişler, şany-şöhraty biziň üçin uly mertebedir, çäksiz buýsançdyr. Watan – ylham çeşmesidir. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ylhamyna eýlenen eserleri okamak bilen biz Watan mukaddesliginiň gymmatyna has-da aýdyň göz ýetirýäris. Milli Liderimiziň döredijilik ussatlygyny özümize nusgalyk hasaplaýarys. Gahryman Arkadagymyzyň «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitaby bize ýurt goragçylarynyň edermenligi, batyrgaýlygy bilen bir hatarda zehinli, pähim-paýhasly, üşükli bolmalydygyny ündeýär.
Bu kitapda Watan mertebesini beýgelden edermen we merdana gerçekleriň buýsançly ykballary hakyndaky buýsançly gürrüňler bilen bir hatarda olaryň ylham döredijilikleri dogrusynda-da gyzykly gürrüňler edilýär. Watanyň goragyny amala aşyrmakda ynamly ogullaryň bitiren hyzmatlary babatynda-da örän gyzykly taryhy maglumatlar bar.
Taryh hem öz-özünden döränok. Geljekde, şu günki edilen işler taryh bolup, kitap gatlarynda müdimilik galar. Taryh boljak hakykatlaryň biri-de Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň amala aşyrýan işleri bilen gönümel baglanyşykly. Milli goşunyň düzüminde harby orkestrem bar, sazandalardyr aýdymçylar hem bar. Olaryň hemmesi hem harby gullukçylar. Borçnama boýunça harby gullukçylaryň zehin başarnygy, çagyryş boýunça harby gullukçylary kämilleşdirmäge badalga bolup hyzmat edýär. Milli Goşunymyzyň düzüminde şahyrdyr žurnalistlar hem bar. Olar goşunyň ruhubelent bolmagynda öz zehinlerini peýdalanyp, düýpli goşantlaryny goşýarlar.
Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ymgyr manyly kitaplary ýurdumyzyň harby gullukçylarynda aýratyn uly buýsanç döredip, olaryň döredijilik dünýäsine has içgin aralaşmagyna badalga bolýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 27 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn Asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň jemi jemlenende Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň aýdym-saz, döredijilik toparlary şol bäsleşigiň ýeňijisi diýip yglan edilmegi-de munuň aýdyň subutnamasydyr. Şa serpaýyny alan harby toparlaryň arasynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň «Merdana nesiller» aýdym-saz topary, Merkezi serkerdeler öýüniň telestudiýa topary, şeýle-de TGM-nyň göreldeli harby orkestrini agzamak bolar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň Goranmak ministrliginiň düzüminde gullugyny alyp barýan harby gullukçylaryň zähmetini birjik-de gözden salman, olaryň işine mynasyp jogap berýändiginiň hakykat ýüzünde güwänamasydyr.
Milli Liderimiziň alyp barýan işlerinden görnüşi ýaly, ýurdumyzda Watan goragçylary hakynda uly aladalar edilýär. Biz hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň dürli künjegindäki harby bölümlerde bolup, esgerler bilen geçirýän duşuşyklarynyň hem şaýady bolýarys. Özi-de bir hakykata hemmämiz deň-derejeli şaýatdyrys. Hormatly Belent Serkerdebaşymyz esgerleriň arasynda bolanynda olaryň harby başarnyklary bilen bir hatarda ýaşaýyş-durmuş derejesi bilen, gulluk etmek we dynç almak üçin döredilýän şertler bilen içginden-içgin gyzyklanýar. Olaryň ertirki günde haýsy hünäriň eýesi bolmak islegleriniň bardygyny öwrenýär. Ynha, hormatly Belent Serkerdebaşymyza mahsus bu aýratynlyk, şeýdibem, tutuş dünýämize ornaýar.
Hormatly Belent Serkerdebaşymyz her bir işe döredijilikli çemeleşmek babatynda harby gullukçylara ajaýyp nusgadyr. Sebäbi Watan biziň başymyzyň täjidir. Hormatly Prezidentimiz ençeme çeper, ylmy, ylmy-populýar we publisistik häsiýetli eserleriň awtory. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň döredýän eserleri jan watanymyza bolan söýgümizi artdyrýar. Watanynyň şan-şöhradyny beýgeldýän, halkyny baky bagta ýetiren, döredijilikli çemeleşmeler babatynda şahsy nusga görkezip, görelde bolýan Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň belent başy aman, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
«Milli goşun»