Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze
many-mazmuna eýe bolan beýleki milli baýramçylyklarymyz ýaly, Halkara zenanlar
güni hem Türkmenistanda milli ýörelgelere laýyklykda giňden bellenilýär. Munuň
özi ýurdumyzyň zenanlaryna döwlet derejesinde hakykatdan-da, uly üns
berilýändigini görkezýän subutnamadyr.
Şol nukdaýnazardan Türkmenistanyň Goranmak
Ministrliginiň Merkezi Serkerdeler öýünde Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp aýdym-sazly
dabaraly çäre geçirildi. Çäräni Türkmenistanyň Goranmak ministrligi, Magtymguly
adyndaky Ýaşlar guramasy hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilelikde
guradylar. Dabarada eziz Watanymyzy gözüniň göreji deýin goraýan harby
zenanlara Belent Serkerdebaşymyzyň adyndan pul sowgatlary gowşuryldy. Göreldeli zenan harby gullukçylara
hormat hatlary hem-de gymmat bahaly sowgatlar berildi. Dabarada çykyş eden
zenan harby gullukçylar hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň adyna çäksiz alkyşlar
aýtdylar hem-de parahat ýurdumyzy mundan beýläk-de sak durup gorajakdyklaryna
ynandyrdylar.
«Milli goşun».