Düýn –
16-njy noýabrda Mary welaýatynyň Mary şäherindäki welaýat kitaphanasynda
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze
eýýamy» atly forumynyň açylyş dabarasy boldy.
Halkara
foruma gatnaşmak üçin ýurdumyza Hytaý Halk Respublikasynyň, Gazagystan,
Täjigistan, Özbegistan we Gyrgyz Respublikalarynyň ylym, bilim, medeniýet,
sungat, parlament ulgamlarynyň ýaş wekilleri, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de
Hytaýyň Durnukly ösüş maksatlarynyň ilçileri geldiler. Forumyň dabaraly açylyşyna hem-de umumy mejlisine Türkmenistanyň
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryna
gözegçilik edýän orunbasary, bilim, ýaşlar, medeniýet, köpçülikleýin habar
beriş serişdeleri ulgamlarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, talyp ýaşlar
gatnaşdylar.
Dabaranyň
başynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara foruma
gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Soňra many-mazmunly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.
Olarda ýurdumyzyň «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek arkaly
hyzmatdaş döwletler bilen bilelikde gadym döwürlerde Gündogaryň hem Günbataryň
medeniýetlerini baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýolunyň täze görnüşde gaýtadan
dikeldilmegine işjeň gatnaşýandygyny, şunda halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyna uly
ornuň degişlidigi nygtaldy.
Jemläp aýdylanda, halkara ýaşlar forumy maslahatlary, duşuşyklary we dürli medeni çäreleri öz içine aldy.