milli goshun logo
Halkara Nowruz gününi aýdym-saz bilen garşylaýarys
Halkara Nowruz gününi aýdym-saz bilen garşylaýarys
21.03.2020 2317 Harby özgertmeler

Şu gün ýurdumyzda Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni giň gerimde bellenilýär. «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» şygary astynda geçýän üstümizdäki ýylda Nowruz baýramçylygy nobatdaky gezek döredijilige, daşky gurşawyň özgerdilmegine, oňa sazlaşygyň, gözelligiň we hoşniýetliligiň goşulmagyna özboluşly çakylyga öwrüldi.

Möhüm sene mynasybetli Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümlerinde bag ekmek dabaralary we konsertler geçirilýär. Baýramçylygyň bosagasynda Nowruz ýaýlasynda Türkmenistan Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň «Merdana nesiller» aýdym-saz toparynyň çykyşy hem gurnaldy. Harby gullukçylar Milli bahar baýramyny Watanymyzyň ajaýyp tebigatyny wasp edýän aýdym-sazlar bilen garşyladylar.

Merkezi serkerdeler öýüniň zehinli aýdymçydyr sazandalarynyň Halkara Nowruz gününe bagyşlanan çykyşlaryna ýakynda «Altyn Asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynda tomaşa edip bilersiňiz.

«Milli goşun».