Şeýle at bilen Türkmenistanyň Goranmak
ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde dabaraly maslahat geçirildi. Ýakynda
uly üstünliklere beslenip geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň
nobatdan daşary mejlisine bagyşlanan maslahata merdana Watan goragçylary
gatnaşdylar.
Onda çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, Halk
Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi merdana ata-babalarymyzyň milli demokratik
ýörelgeleriniň ajaýyp zamanamyzda dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy. Şeýle
hem onda taryhy çözgütleriň kabul edilmegi mähriban halkymyzy, asudalygyň
goragyndaky Watan goragçylaryny has-da buýsandyrdy. Umumymilli forumda kabul
edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 –
2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» belent
maksatlara ýetmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriň täze tapgyrynyň
başlanandygyny alamatlandyrdy.
Dabaranyň dowamynda harby we hukuk
goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň ýerine ýetirmegindäki aýdym-sazly
çykyşlara-da orun berildi. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň adyndan hormatly
Belent Serkerdebaşymyza Ýüzlenme kabul etdiler.
«Milli goşun».