Dabaraly harby ýöriş Ýaragly güýçlerimiziň Guryýer goşunlarynyň harby
tehnikalarynyň gözden geçirilişi bilen dowam etdi. Kuwwatly sowutlanan
awtoulaglar, kämil söweşjeň tehnikalar we beýlekiler hatar tutup, Döwlet
münberine bezeg berip geçdiler. Olaryň hatarynda «Türkmen edermen» ýörite
maksatly toparlarynyň, Türkmenistanyň Goranmak, Içeri işler we Milli howpsuzlyk
ministrlikleriniň hem-de Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçylarynyň
ussatlyk bilen erk edýän söweşjeň tehnikalary bar. Harby we hukuk goraýjy
edaralaryň mahsus reňk tehnikalar, sowutlanan we ýaraglanan awtoulaglar,
galyberse-de, uçarmansyz uçýan enjamlar we raketalar milli Ýaragly
Güýçlerimiziň kuwwatyndan habar berýär. Olar Watan goragynda merdana
pederlerimiziň ýoluny dowam etdirýän gerçekleriň demir atlarydyr, gollarynyň
kuwwatydyr. Olaryň kömegi bilen ýurdumyz parahat, serhedimiz abadan, asmanymyz
asuda. Şeýle kuwwatly tehnikalar, elbetde, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň
milli goşunlarymyzyň maddy-üpjünçilik binýadyny kämilleşdirmek boýunça edýän
aladalarynyň netijesidir. Harby doktrinamyzda göz öňünde tutulan wezipelere
laýyklykda, olar diňe goranyş maksatly peýdalanylýar. Şonuň esasynda hem
ýurdumyz tutuş dünýäde parahatsöýüjilikli we rowaç gadamlar bilen ösýän döwlet
hökmünde tanalýar.
Has köp suratlary «Multimedia» bölümimizde görüp bilersiňsiz!
«Milli goşun»