Wagtyň çalt geçäýşini diýsene! Ýaragly
Güýçlerimiziň esgerleri agzybir toparda bary-ýogy iki ýyl gulluk etseler-de, özleriniň
bagry badaşan harby bölümleri bilen hoşlaşyk pursatlary örän duýgulandyryjydyr.
Olar harby durmuşynyň çäklerinde iň kyn we iň şatlykly birnäçe wakalary bilelikde
başdan geçirdiler. Jebisligiň nämedigini öwrendiler. Indi ol süýji günler yzda
galdy. Hoşlaşyk pursaty ýetip geldi...
Şeýle ajaýyp duýgular bilen çagyryş boýunça harby
gullugy tamamlajak esgerler garaşylan arzyly güne ýetýärler. Ätiýaçlyga goýbermek
baradaky Permanyň çykan güni harby bölümleri özboluşly bir ýagdaý gurşap alýar.
Bir tarapdan esgerleriň öz maşgala ojaklaryna gowuşýandyklary begendiriji
bolsa, ynamly dostlaryň tapylan,
durmuşyň gadyr-gymmatyna ýetiren harby bölümlerinden gitmek olar üçin tolgundyryjy
wakadyr.
Harby bölümlerde çagyryş boýunça harby
gullukçylary ätiýaçlyga goýberilýänligi mynasybetli dabaraly çäreler
geçirilýär. Olarda serkerdeler düzümi çykyş edip, Watanymyzyň edermen
goragçylaryna gullukda öwrenen zatlaryny ýatdan çykarmaň diýip öwüt-nesihat berilýär.
Serkerdeler gullukda gazanan tejribeleriniň raýat durmuşynda mynasyp orun
eýelemäge kömek berjekdigine ynam bildirip, harby gullugyny göreldeli alyp
baryp, tapawutlanan esgerlere ýadygärlik sowgatlaryny we Hormat hatlaryny
gowşurýarlar.
Soňra iň soňky däp – harby biletleriň gowşurylyş
dabarasy geçirildi. Bu gün gaty şatlykly gün bolsa-da, bular ýaly günüň ömrüňde
ýekeje sapar bolýanyna gynanýarsyň.
«Milli goşun».