Türkmen bedewiniň milli baýramy
mynasybetli Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun
generaly Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ak bugdaý etrabynda harby we
hukuk goraýjy edaralaryň atçylyk toplumynyň açylyş dabarasynyň çäklerinde Goranmak
ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň, Döwlet serhet gullugynyň atly
toparlarynyň dabaraly ýörişi guraldy.
Ýaragly Güýçlerimiziň goşun
görnüşleriniň harby gullukçylary milli şaý-sepler bilen bezelen ahalteke
bedewleriniň üstünde hatar tutup, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň öňünde
geçdiler. Harby gullukçylaryň merdemsi keşbinde, bedewleriň seýkin basyşynda
ajaýyp sazlaşyk duýulýardy. Gadymy döwürlerden bäri her bir işde türkmen
ýigitleriniň hemrasy bolan ahalteke bedewleri häzirki döwürde hem Watan goragynda
harby gullukçylaryň ýakyn ýardamçylarydyr. Çünki türkmen halkynyň aýratyn
buýsanjy hem-de bahasyna ýetip bolmajak milli mirasy bolan, ýurdumyzyň Döwlet
tugrasyny bezeýän ahalteke bedewi häzirki wagtda Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň
hakyky nyşanyna, ýurdumyzyň dünýäniň ähli döwletleri bilen parahatçylykly
gatnaşyklara, dost-doganlyk ýörelgelerine ygrarlydygynyň alamatyna öwrüldi. Munuň
özi Türkmenistanyň milli ýörelgelere ygrarlydygynyň özboluşly nyşanyna öwrülip,
häzirki wagtda ýurdumyzyň okgunly ösýändiginiň, abadançylygyň ýoly bilen röwşen
geljege tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýandygynyň aýdyň beýanydyr.