milli goshun logo
Görnükli şahsyýetleriň durmuş ýoly – Watan goragçylary üçin ylham çeşmesi
Görnükli şahsyýetleriň durmuş ýoly – Watan goragçylary üçin ylham çeşmesi
17.01.2020 1921 Harby özgertmeler

Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesinde milli goşunymyzyň harby gullukçylarynyň we harby okuwçylaryň gatnaşmagynda ýetip gelýän Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanan çäreler geçirildi.

Çärä gatnaşyjylar Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdebiň foýesinde Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan ussat mugallym, edermen esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewi hormat bilen ýatlamak üçin jemlenişdiler. Gül goýluşyk däbiniň çäklerinde harby gullukçylar we harby okuwçylar ýaş neslimiz üçin Watana gulluk etmegiň göreldesini görkezen görnükli şahsyýetiň heýkeline gül desselerini goýdular.

Çärä gatnaşyjylar üçin Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde ýerleşýän taryhy-etnografiki muzeýine gezelenç hem guraldy. Ekspozisiýada öz durmuşlaryny Watana gullugyna baglan Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň mähriban atasy – Berdimuhamet Annaýewiň, kakasy – Mälikguly Berdimuhamedowyň şöhratly durmuş ýollaryny we Watan öňündäki hyzmatlaryny şöhlelendirýän fotosuratlar we arhiw resminamalary görkezilen.

Soňra harby gullukçylar we harby okuwçylar «Başymyzda täçdir mähriban Watan» ady bilen Ahal welaýatynyň sungat işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilen baýramçylyk konsertiniň tomaşaçylary boldular. Dabaranyň çäklerinde milli goşunymyzyň göreldeli esgerlerine jemgyýetçilik guramalarynyň adyndan höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy.

 «Milli goşun».