Serhetleriň we kenarýakalaryň goraglylygy tutanýerli
gözegçiligi talap edýär. Howanyň açyk günlerinde gorag galalary onlarça kilometre
çenli gözegçilik edip bilýärler. Emma gijelerine ýa-da howa şertlerine baglylykda
görüşiň peselen ýagdaýlarynda serhetde gözegçilik kynlaşýar.
Şu nukdaýnazardan «CONTROP Precision Technologies»
kompaniýasy tarapyndan işläp düzülen täze «SPEED ER» sistemalary gijelerine
ýa-da görüşiň peselen ýagdaýlarynda ýokary kesgitlilikde serhedi we kenarýakalary
uzak aralykdan goramak üçin niýetlenendir.
Enjam iki sany wideo kamerasy, bir
sany giň meýdan görüjisi, iki sany orta tolkunly we gysga tolkunly infrared
termal kameralaryndan emele gelýär. Bu aýratyn häsiýetli kameralaryň
birleşmegi, ähli şertlerde ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik döredýär.
Mundan başga-da, enjam güýçli teleskoplary bilen 40 kilometrden hem uzagy görmäge mümkinçilik berýär. Enjama gijesine hem-de ähli howa şertlerinde görmek üçin 1,400 mm linzaly termal kamera we 2,500 mm teleskop ýerleşdirilen.