03.12.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Gökdepe etrabynda towuk etini öndürýän kärhana açyldy
Gökdepe etrabynda towuk etini öndürýän kärhana açyldy
18.11.2020 86 Habarlar

Ýetip gelýän uly baýramçylygyň — Watanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň öň ýanynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda towuk etini öndürýän kärhananyň açylyş dabarasy boldy.

Welaýat hem-de etrap häkimlikleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleriniň, ýerli ýaşaýjylaryň gatnaşmagynda geçirilen dabaranyň barşynda ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmegiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän durmuş-ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigi bellenildi.

Bu ýerde onlarça iş orunlary, işçileriň önjeýli zähmet çekmegi we dynç almagy üçin şertler döredildi. Guşçulyk toplumynyň döwrebap enjamlarynyň netijeliligi bir tarapdan, öndürilýän önümiň hilini ýokarlandyrmaga, beýleki tarapdan, kärhananyň düşewüntliligini artdyrmaga mümkinçilik berýär.