07.08.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Gökdepe etraby 2019-njy ýylyň iň ýokary netijeler gazanan etraby boldy
Gökdepe etraby 2019-njy ýylyň iň ýokary netijeler gazanan etraby boldy
08.02.2020 443 Habarlar

7-nji fewralda geçirilen Ministrler kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, geçen ýylyň başynda 2019-njy ýylyň jemleri boýunça welaýatlarda durmuş, ykdysady hem-de medeni taýdan ähli görkezijiler babatda iň ýokary netijeleri gazanan etraplary we etrap hukukly şäherleri kesgitlemek maksady bilen bäsleşigiň yglan edilendigini aýtdy.

Ýörite topar tarapyndan her welaýat boýunça hödürlenen görkezijiler seljerildi. Şonuň netijesinde, ýurdumyzyň iň ýokary netije gazanan etraby kesgitlenildi. 2019-njy ýylyň netijeleri boýunça Ahal welaýatynyň Gökdepe etraby ýeňiji boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda ýeňiji bolan Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň häkimligini 1 million amerikan dollary möçberde pul baýragy bilen sylaglamak, şeýle hem 2020-nji ýylda täze bäsleşigi yglan etmek baradaky Buýruklara gol çekdi.