Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň ähli goşun galalarynda
2020-nji ýylyň esasy çäreleriniň meýilnamasy esasynda, çagyryş boýunça harby
gullugy geçýän harby gullukçylaryň arasynda «Gerçek ýigit, goç ýigit» atly
bäsleşiginiň nobatdaky tapgyry geçirildi.
Bäsleşigiň maksady harby gullukçylaryň döredijilik
we zehin ukyplaryny açmakdan, olaryň beden taýýarlygyny has-da
ýokarlandyrmakdan, şeýle-de esgerleriň agzybirligini, jebisligini
pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Bäsleşik bije esasynda başlanyp, ol ýörite
Düzgünnamada tassyklanan şertler boýunça geçirildi.
Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, oňa gatnaşan esgerler özi bilen
tanyşdyryp, harby bölümi we gulluk durmuşy barada çeper beýan etdiler, ýörite
görkezme sahnalaryny taýýarladylar. Şeýle-de, olar söweşjeň we gumanitar
taýýarlygyndan hem-de Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby
düzgünnamalaryndan taýýarlanan soragnamalara jogap berdiler. Bäsleşige gatnaşan
esgerler degişli şertler boýunça dürli görnüşde özleriniň sport ussatlyklaryny
görkezdiler, päsgelçilikli ýodalardan geçdiler. Netijede eminler topary
tarapyndan bäsleşigiň nobatdaky tapgyrynyň ýeňijileri kesgitlenildi we olara
Hormat hatlary hem-de gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Bu bäsleşik esgerleri Watan öňündäki mukaddes
harby gulluk borçlaryna ak ýürekden wepaly bolmaga we döredijilik gözleglerini
yzygiderli dowam etdirmäge ruhlandyrdy.
«Milli goşun».