milli goshun logo
Geljekki serkerdelere halasgärleriň türgenleşiklerini öwretdiler
Geljekki serkerdelere halasgärleriň türgenleşiklerini öwretdiler
07.11.2019 2855 Harby Bilim

Golaýda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde adatdan daşary ýagdaýlaryň dörän halatynda özüňi alyp barmagyň kadalary boýunça okuw sapagy geçirildi. Sapagy Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň tejribeli halasgärleri geçirdiler.

Öz işine ezber halasgärler harby okuwçylara ilki bilen garaşylmadyk hadysalaryň adamyň bedenine we aňyna nähili täsir edýändigini düşündirdiler. Şeýle ýagdaýlarda özüňi nähili alyp barmalydygyny öwretdiler. Sapagyň çäklerinde ýetginjeklere halas edijileriň esasy tärleri öwredildi we gözleg-halas ediş işleriniň geçirilişi görkezildi.

– Halasgärleriň geçiren okuw sapagy bizde üýtgeşik täsirleri galdyrdy. Olaryň işini öz gözüň bilen göreniňde, onuň nähili jogapkärlidigine we wajypdygyna düşünýärsiň. Biz ussat halasgärleriň gaýduwsyz hereketleriniň şaýady bolup, özümizi hut şolar ýaly kämilleşdirmäge höwesimiz artdy – diýip, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň 11-nji synp harby okuwçysy Arazgeldi Garryýew aýtdy.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň harby gullukçylarynyň gatnaşmagynda geçirilýän görkezme sapaklary orta we ýokary okuw mekdeplerinde, kärhanalarda, önümçilik we beýleki desgalarda hem ýygy-ýygydan geçirilýär.

 «Milli goşun».