Ädimleriň sazlaşykly urgulary ajaýyp özboluşlylygy
emele getirýär. Nyzam taýýarlygyny kämil derejelere ýetiren mert ýigitler
ýadawlygy ýatdan çykaryp, öz serkerdeleriniň yzy bilen gadam urdular. Olaryň bu
yhlasyna, zähmetine göni ýaýlymda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 28 ýyllygy
mynasybetli dabaraly harby ýörişi synlan ýurdumyzyň ähli raýatlary baha berdiler.
– Biziň edermen halkymyzyň jebisligini görkezýän,
ýurdumyzda giň gerimde bellenilýän ählihalk baýramçylygynda guraljak dabaraly
harby ýörişe gatnaşmak – bu meniň baş arzuwymdy. Bu dabaraly harby ýörişiň ýokary
guramaçylyk derejesinde geçirilendigi bize ýatdan çykmajak duýgulary bagyş etdi
– diýip, harby ýörişe gatnaşan kiçi seržant Süleýman Mergenow aýtdy.
Dabaraly harby ýörişde türkmen esgerleri döwletimiziň
hemişelik aladasyna mynasyp jogap bermek bilen, iň täze harby tehnika
we ýaraglara erk etmegiň ussatlygyny, söweşjeň taýýarlygyň ýokary
derejesini görkezdiler. Yzygiderli guralýan harby türgenleşikler
bolsa öňdebaryjy söweşjeň tehnikalaryň we ýaraglaryň dürli görnüşlerine
erk etmek hem-de dolandyrmak endiklerini kämil ele almaga ýardam berýär.
Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň tagallasy esasynda Ýaragly Güýçlerimiziň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen täze satyn alnan tehnikalaryň diňe goranmak häsiýetli Harby doktrinamyzy pugtalandyrmaga gönükdirilendigi dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde ýene-de bir gezek dabaraly harby ýörişiň üsti bilen äşgär edildi.
«Milli goşun».