13.07.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Feýerwerkler – asudalygyň alamaty
Feýerwerkler – asudalygyň alamaty
09.05.2020 407 Harby Durmuş

Ine-de, dabaraly harby ýöriş tamamlandy. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň «Göreldeli» harby orkestri Ýeňiş güni mynasybetli aýdym ýerine ýetirdi. Aýdym tamamlanandan soňra, 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk feýerwerki asmany bezedi. Birnäçe wagtlap dowam eden mawy Asmandaky owadan görnüşler kalplary heýjana saldy. Hemmeleriň ünsi birgeňsi şekilleri emele getirýän feýerwerklerde.

Feýerwerkler asudalygyň, parahatçylygyň alamaty bolup, diňe bir ýöriş meýdançasyna däl, bagtyýarlyga beslenip oturan ak mermerli paýtagtymyza ýalkym saçdy. Şäheriň tämiz gijesi bilen sazlaşan feýerwerkler myhmanlary bir salym jadylaýjy dünýä syýahata aýlady, ýüreklere ylham bagyş etdi.

Mahlasy, Beýik Ýeňiş günündäki dabaralar we harby ýöriş üstünlige beslendi. Geçirilen çäreler öz giň gerimli işlerini mähriban halkymyzyň bagtyýar ýaşamagyna, Watanymyzyň gülläp ösmegine, abadançylygyny üpjün etmäge gönükdiren hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň daşynda ýurdumyzyň harby gullukçylarynyň jebisleşýändigini şöhlelendirdi.

«Milli goşun».