milli goshun logo
Eýran Yslam Respublikasyna ynsanperwer kömegi
Eýran Yslam Respublikasyna ynsanperwer kömegi
20.03.2020 938 Habarlar

Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň gadymdan gelýän dost-doganlyk gatnaşyklaryndan we halkymyzyň ynsanperwerlik däp-dessurlaryndan ugur alyp, goňşy döwletde ýiti öýken sowuklama keseliniň ýaýramagy sebäpli, 19-njy martda türkmen paýtagtyndan bu ýurda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Buýrugyna laýyklykda, ynsanperwer kömegi iberildi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine saglygy goraýyş maksatly serişdeleri we azyk önümlerini doganlyk eýran halkyna muzdsuz kömek hökmünde iberilmegini we guramaçylykly gowşurylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.

Ýörite ýük Horasan — Rezawi welaýatyna ýetirildi, bu ýere Deregez şäheriniň häkimi Ali Farahi, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Golamabbas Arbabhales hem-de Deregez şäheriniň saglygy goraýyş müdirliginiň başlygy Mohandes Salimi, bu ýurduň habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar.

Bu welaýatyň resmi wekilleri ynsanperwerlik ýüküni çuňňur hoşallyk bilen kabul edip, doganlyk kömegi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çäksiz hoşallyk sözlerini beýan etdiler.