Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow
goşuny döwrebaplaşdyrmak we özgertmek, onuň düzümlerini tutuş dünýäde Ýaragly
Güýçlerine bildirilýän talaplara laýyk getirmek işine uly üns berýär. Şol
nukdaýnazardan Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde güýzki çagyryş möwsümi işjeň
ýagdaýda dowam edýär.
Harby
wekilliklerde şu ýylyň güýzki çagyryş möwsümini ýokary guramaçylyk derejesinde
geçirmek üçin ähli şertler döredildi. Raýatlar harby gulluga gitmezinden ozal,
welaýat harby wekilliklerinde sanly lukmançylyk enjamlarynyň kömegi bilen
lukmançylyk gözegçiliginden geçirilýär hem-de toparlara bellenilip, harby
gulluga çagyrylmaga degişli raýatlara çagyryş hatlary gowşurylýar. Şol sene-de bolsa,
raýatlar welaýat ýygnanyşyk nokadyna jemlenýärler we harby bölümlerden gelen
wekiller olary kabul edip, demir ýol menzilinde harby bölümlere dabaraly
ýagdaýda ugradylýar.
Şeýle
dabaralaryň biri hem Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň Medeniýet öýünde geçirildi.
Oňa il sylagly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, köp sanly
goşun kysymlarynyň – motoatyjylar, tankçy esgerler, aragatnaşykçylar we
artilleriýa goşunlarynyň harby gullukçylary hem-de «Türkmen edermen» ýörite
maksatly toparynyň harby gullukçylary gatnaşdylar. Çäräniň esasy maksady iki
ýyl gulluk eden esgerleri uly ruhubelentlikde öýlerine ugratmakdan we harby
gulluga indi gelmeli raýatlaryň watançylyk ruhuny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Dabaranyň dowamynda gulluk döwründe aýratyn
tapawutlanan esgerlere Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Dabarada
çykyş edenler çagyryş boýunça harby gullugyny tamamlap, öý-ojagyna barýan esgerlere
durmuş ýollarynda şowlulyklary arzuw etdiler.
Soňra sahnada zehinli harby gullukçylar
– Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň «Merdana
nesiller» aýdym-saz toparynyň, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň «Göreldeli»
harby orkestriniň aýdymçylarydyr sazandalary hem-de Gökdepe etrabynyň Medeniýet
öýüniň tans toparlary we aýdymçylary çykyş etdiler.
«Milli goşun».