Belent
Serkerdebaşymyzyň parasatly ýörelgesi bilen yglan edilen «Türkmenistan – rowaçlygyň
Watany» ýylynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 27 ýyllygy
hem-de Watan goragçylarynyň güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeginde
dabaraly çäreler geçirilýär. Şeýle çäreleriň özenini «Halk hakydasy»
ýadygärlikler toplumyndaky ýadygärliklere, şeýle-de Türkmenistanyň Goranmak
ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby
mekdebinde ýerleşen hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň atasy Berdimuhamet
Annaýewiň heýkeline gül desselerini goýmak ýaly çäreler düzýär. Dabara
gatnaşyjylar bu ýerde edermen esger, mugallym, ilhalar ynsan Berdimuhamet
Annaýewiň gahrymançylykly ömür ýoly barada gürrüň berýän baý taryhy maglumatlar
bilen tanyşdylar.
Geçirilen bu
çäreler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň parahatçylygynyň, mähriban halkymyzyň
asuda, abadan we bagtyýar durmuşynyň goragynda berk durýan Ýaragly Güýçlerimiziň
merdana harby gullukçylarynyň şan-şöhratyny has-da dabaralandyrdy. Bu buýsançly
baýram hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň Ýaragly Güýçlerimiziň harby gullukçylaryna
örän jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmekde bildirýän uly ynamynyň we olar hakda
edýän aladasynyň aýdyň nyşanydyr.
Bu ynam hormatly Prezidentimiziň eziz
Watanymyzyň we mähriban halkymyzyň ynamydyr. Goý, bu ynam biziň her birimiziň kalbymyza
«Watan goragçysy» diýen belent adymyza, mukaddes harby borjumyza buýsanç döretsin,
üstünlikden-üstünlige ruhlandyrsyn!
«Milli goşun».