23.04.2024 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Döwrebap harby enjamlaryň kämil görnüşleri
Döwrebap harby enjamlaryň kämil görnüşleri
21.10.2023 3426 Harby özgertmeler

Söweşjeň häsiýetli görkezme harby türgenleşigiň barşynda Ýaragly Güýçlerimiziň häzirki zaman aňtaw-urgy toplumynyň uçarmansyz uçýan enjamlaryna aýratyn orun degişli boldy. Olar belli nokatlarda belgilenen garşydaş nyşanalary kesgitlemek we olary hatardan çykarmak boýunça söweşjeň wezipeleri ýerine ýetirdiler. Goranyş häsiýetli harby doktrinamyzdan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmekde uçarmansyz uçýan enjamlaryna aýratyn üns berilýär. Uzakdan dolandyryş enjamy arkaly herekete getirilýän bu harby enjamlar harby gullukçylaryň hünär taýdan taýýarlyk derejeleriniň kämilleşdirilmeginde, ukyp-başarnyklarynyň artmagynda netijeli häsiýete eýedir.