milli goshun logo
Dolandyryş türgenleşigi geçirildi
Dolandyryş türgenleşigi geçirildi
03.05.2022 1154 Okuw türgenleşikleri

Golaýda Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň 2022-nji ýyl üçin Iş meýilnamasyna laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Derýalyk kompressorynda «Ýokary basyşda işleýän gaz basyjy stansiýalarynda we esasy gaz geçirijilerinde döremegi mümkin bolan tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň we tebigy betbagtçylyklaryň zyýanly netijelerini ýok etmek boýunça heläkçilik-halas ediş we beýleki gaýragoýulmasyz işler geçirilende raýat goranyşynyň we adatdan daşary ýagdaýlaryň gulluklarynyň güýçlerini we serişdelerini dolandyrmagy guramak» atly dolandyryş türgenleşigi geçirildi.

Dolandyryş türgenleşiginiň dowamynda degişli gulluklaryň gatnaşmaklarynda, tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlarda habar beriş we guramaçylyk işleri dogrusynda nazary okuw sapagy geçirildi we çekiljek güýçleriň sazlaşykly hereketleridir amaly ýagdaýlary barlanyp görüldi.

«Raýat goranyşy».

Meňzeş habarlar