30-njy
noýabrda Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň sekizinji maslahaty boldy. Onda
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän syýasatynyň ileri
tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak
boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe
kanunlar we kadalaşdyryş-hukuk namalary kabul edildi.
Mejlisiň dowamynda
deputatlaryň garamagyna «Türkmen edermen» medalyny döretmek hakynda Kanunynyň
taslamasy hödürlendi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
başlangyjy bilen esaslandyrylan bu döwlet sylagy harby gullukçylaryň we hukuk
goraýjy edaralaryň döwlet Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewiligini
we Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň konstitusion gurluşyny goramakda görkezen
şahsy edermenligi we gaýduwsyzlygy üçin berilýär.