milli goshun logo
Deprekçiler batalýony – dabaraly harby ýörişiň bezegi
Deprekçiler batalýony – dabaraly harby ýörişiň bezegi
27.09.2020 3635 Harby özgertmeler

Ine, dabaraly harby ýörişde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň Deprekçiler batalýony ilkinjileriň hatarynda barýar. Jebis topar. Üns hereketlerde. Sag eldäki kakuw guraly eginden asylan deprege gelip gidýär, çep elde-de deprek. Ýöriş meýdançasynda Baş münbere deňleşip, geçip barýan owadan harby lybasly harby okuwçylar her ýyl harby ýörişleriň bezegine öwrülýärler.

Deprekçiler batalýonyna nyzam tejribesi we taýýarlygy ýokary bolup, deň-duşlaryna görelde bolýan harby okuwçylar kabul edilýärler. Olar yzygiderli türgenleşýärler, kämilleşýärler.

«Halk! Watan! Belent Serkerdebaşy!» Çaga ýüreginden çykýan bu buýsançly seslerde üýtgeşik bir dogum, gaýratlylyk bar. Ýürekleri Watan söýgüsinden püre-pür bolan harby okuwçylaryň kesesinden seretseň, bir adam ýaly bolup, Baş münbere deňleşip, nyzamly ýöreýişlerini synlanyňda, içiňden gaýtalanyňy-da duýmaýarsyň: «Harby okuwçylarymyza şöhrat!..»

Suratlara «Multimediýa» bölüminden syn edip bilersiňiz!

«Milli goşun».