Türkmenistanyň demirgazygynda köpçülikleýin şaly oragy dowam edýär. Şu ýyl Daşoguz welaýatynda bu ekine sekiz müň bir ýüz gektar ýer bölünip berildi. Ekarançylar şonça meýdandan otuz bäş müň tonna azyklyk önüm ýygnamagy göz öňünde tutýarlar. Olar ýerli toprak-howa şertlerinde gowy gögerýän, ýokary hasylly we kesellere durnukly «Nukus-2», «Müňbaşy» we «Alenga» sortly şaly ýetişdirdiler.
Ýygymda ýokary öndürijilikli döwrebap kombaýnlaryň 130-sy we ýygnalan hasyly daşamak üçin awtoulaglaryň ençemesi ulanylýar. Şaly demirgazyk sebitde Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň esasan bu ekine ýörüteleşdirilen hojalyklarynyň ikisinde ýetişdirildi. Ony gaýtadan işlemek üçin döwlet tarapyndan kuwwatlylygy ýylda 30 müň tonna çenli şalyny gaýtadan işlemäge niýetlenen we ekarançylary ýokary hilli tohum bilen üpjün edýän ýokary tehnologiýaly kärhana guruldy.