22.09.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Daşoguzly ekerançylar pagta ýygymyna girişdiler
Daşoguzly ekerançylar pagta ýygymyna girişdiler
17.09.2020 49 Habarlar

16-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, howa şertlerine görä, “ak altyn” möwsümine ýurdumyzyň beýleki sebitlerinden biraz gijiräk badalga berilýän Daşoguz welaýatynyň ekerançylary pagta ýygymyna başladylar.

Welaýatyň häkimliginde geçirilen iş maslahatynda ýygym möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça wezipeler, ähli degişli gulluklaryň takyk işlemegi we sazlaşykly hereket etmegi baradaky meseleler esasy ara alnyp maslahatlaşylan meseleler boldy.

Demirgazyk sebitde gowaça meýdany 155 müň gektary eýeleýär. Şonça ýerden “ak altynyň” 275 müň tonnasyny ýygnap almak maksat edinilýär. Welaýatyň ekerançylary gowaçanyň “Daşoguz-120”, Daşoguz-144”, “Serdar”, “C-4727”, “Jeýhun”, “149F” ýaly orta süýümli görnüşlerini we beýlekileri ösdürip ýetişdirýärler.