Türkmenistanda
orak möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Toprak-howa şertlerine laýyklykda, oraga
5-nji iýunda başlan Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň gallaçylarynyň yz ýany
bilen 12-nji iýunda Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem güýzlük
bugdaý oragyna girişdiler.
Daşoguz
welaýatynyň bugdaý ýetişdirilen meýdany 145 müň gektara barabar bolup, şonça
ýerden gallaçylar 265 müň tonna däne taýýarlamagy maksat edinýärler. Ýerli
gallaçylar sebitiň toprak-howa şertlerinde özüni oňat görkezen bugdaýyň ýokary
hasylly görnüşlerini ekdiler.
Galla —
2020-de däne orujy kombaýnlaryň 449-sy, esasan, ABŞ-nyň «John Deere» hem-de
Germaniýanyň «CLASS» kompaniýalarynyň kombaýnlary ulanylar. Olary
dolandyryjylar tejribeli mehanizatorlardan düzülendir.
Balkan
welaýatynyň gallaçylary barada aýdylanda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, olaryň döwlet buýurmasy 80 müň tonna dänä
barabardyr. Günbatar sebitde 50 müň gektar ýer, esasan, Serdar hem-de Bereket
etraplarynyň daýhan birleşikleriniň ekerançylyk ýerleri güýzlük bugdaý üçin
bölünip berildi.