13-nji oktýabrda Daşary işler ministrliginde wideomaslahat görnüşinde BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň (ÝUNKTAD) Baş sekretary Mukisa Kituýi hem-de BMG-niň Baş sekretarynyň koömekçisi, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça sebit býurosynyň direktory Miriýana Spolýariç Egger bilen duşuşyk geçirildi. Şeýle hem duşuşyga BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesine ýerine ýetiriji Natiýa Naswlişwili gatnaşdy.
Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary, hususan-da, ÝUNKTAD we BMGÖM bilen strategiki hyzmatdaşlyk boýunça durmuşa geçirýän syýasatyna ýokary baha berildi. Şunuň bilen baglylykda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, durnukly ulag we söwda ulgamlarynda soňky bäş ýylyň dowamynda netijeli hyzmatdaşlygyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.
* * *
Şeýle hem şol gün Daşary işler ministrliginde wideoaragatnaşyk arkaly Saud Arabystany Patyşalygynyň daşary işler ministriniň syýasy we ykdysady meseleler boýunça orunbasary Adel Siraž Saleh bilen duşuşyk geçirildi.
Diplomatlar syýasy-diplomatik gatnaşyklary giňeltmegiň, şol sanda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerine garadylar. Parlamentara gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerine hem seredildi.