20-nji noýabrda Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde 20-nji noýabrda bellenilýän Çaganyň bütindünýä gününe hem-de Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýanyň kabul edilmeginiň senesine bagyşlanyp çäreler guraldy.
Wideoduşuşyga ýurdumyzda ÝUNISEF bilen işjeň gatnaşyk saklaýan köp sanly hyzmatdaşlar gatnaşdylar, olar bilen bilelikde çagalaryň hukuklarynyň üpjün edilmegine hem-de olaryň saglygynyň goralmagyna, sazlaşykly terbiýelenmegine we ösüşine gönükdirilen taslamalar amala aşyrylýar.
* * *
Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekilleri jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna hem-de terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreş boýunça Ýewraziýa toparynyň wideomaslahat görnüşinde geçirilen 33-nji umumy mejlisine gatnaşdylar.
Köptaraplaýyn duşuşyga Ýewraziýa toparynyň 9 döwletiniň — Türkmenistanyň, Belarusuň, Hindistanyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň wekiliýetleriniň, bu düzümde synçylar derejesine eýe bolan birnäçe ýurtlaryň, halkara we sebit guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.