1-nji fewralda
geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri
R.Meredow Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasyny durmuşa geçirmek
hem-de döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek babatda
Daşary işler ministrliginiň 2018-nji ýylyň dowamynda ýerine ýetiren işiniň
netijeleri barada hasabat berdi.
Ýurdumyz seçip
alan ugruna berk eýermek bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde dostlukly,
netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürýär. Hasabat döwründe
hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlara hem-de daşary ýurt döwletleriniň
birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň Türkmenistana amala aşyran saparlarynyň
netijeleri, şeýle hem abraýly halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlyk
munuň aýdyň subutnamasydyr.
Geçen ýylyň
dowamynda ýurdumyza Daşary işler ministrligi arkaly dürli derejedäki
wekiliýetleriň 769-sy geldi. Şol döwürde daşary ýurtlara türkmen
wekiliýetleriniň 608-si ugradyldy. Türkmenistanda hem-de onuň çäklerinden
daşarda maslahatlaryň, duşuşyklaryň we beýleki çäreleriň ençemesi guraldy.
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň
üsti gol çekilen resminamalaryň birnäçesi bilen ýetirildi.
Häzirki güne
çenli ýurdumyz dünýäniň 146 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy.
Hasabat
döwründe Türkmenistan halkara konwensiýalaryň 5-sine goşuldy, şunlukda, şeýle
köptaraplaýyn resminamalaryň 150-sine gatnaşyjy boldy. Ýurdumyzyň Daşary işler
ministrliginiň hem-de beýleki döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasynda
geçirilýän geňeşmeler yzygiderli häsiýete eýe boldy. Ikitaraplaýyn hökümetara
toparlaryň we iş toparlarynyň mejlisleriniň birnäçesi geçirildi. Olaryň işi
dürli döwletler bilen özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary we netijeli
medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we giňeltmäge gönükdirilendir.