milli goshun logo
Dabaraly owazlar
Dabaraly owazlar
29.01.2022 2200 Harby özgertmeler

Aýdym-sazyň gelip-çykyşy, döreýşi we kämilleşmesi adamzadyň aňynyň ösüşi bilen aýrylmaz baglanyşykly. Şonuň ýaly harby aýdym-sazlar hem öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Asyrlaryň dowamynda söweşijileri ýeňşe ruhlandyrmakda, watançylyk duýgularyny artdyrmakda olar wajyp orny eýeläpdir. Goşunbaşylar söweşde ýeňiş gazanmak, garşydaşdan üstün çykmak we birnäçe müň söweşijiden ybarat bolan goşuny bir adam ýaly dolandyrmak maksady bilen, dürli taktiki tilsimler bilen bir hatarda, saz gurallaryny hem ulanypdyrlar. Edermen pederlerimiziň söweşe çykanlarynda esgerleriň ruhuny galdyrmak üçin ýany bilen tuglary, şol sanda saz toparlaryny alandyklary baradaky maglumatlar şöhratly geçmiş taryhymyzda saklanýar. Deprekleriň gök gümmürdisini ýadyňa salýan sesleri, surnaýlaryň ýürekleri endiredýän owazy türkmenleriň güýç-gaýrat we ylham çeşmesi bolupdyr. Hormatly Belent Serkerdebaşymyz «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda: «Ir döwürlerde harby aýdym-saz topary goşunda uly ähmiýete eýe bolupdyr» diýip jaýdar belleýär.

Nyzam aýdymlary nyzam taýýarlygynyň aýrylmaz bölegidir. Serkerde A.W.Suworow: «Aýdymsyz nyzamy ýaragsyz esgere deňeýärin» diýipdir. Watançylyk äheňdäki nyzam aýdymlary bolsa, harby gullukçylarda özüne ynamlylyk, wepalylyk, batyrgaýlyk, edermenlik häsiýetlerini terbiýelemekde oňaýly täsire eýedir. Milli goşunymyzda goşun görnüşleriň hersiniň aýratynlyklaryna laýyklykda nyzam aýdymlary döredilip, ony esgerler buýsanç bilen ýerine ýetirýärler. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň «Göreldeli» harby orkestri, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň «Merdana nesiller» aýdym-saz topary ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyk dabaralarynda ata Watanymyzy goramaga we beýgeltmäge ruhlandyrýan täze aýdym-sazlary taýýarlaýarlar.

Ýeri gelende aýtsak, ýakynda ýurdumyzda uly dabara bilen bellenilen Watan goragçylarynyň gününde harby orkestriň ajaýyp sazlary parahatçylyk simfoniýasy, watansöýüjiligiň belent mukamy bolup ýaňlandy.

 Sonagül Ataýewa,

kapitan.