Baş münberiň öňünden geçen söweşjeň harby tehnikalar Ýaragly Güýçlerimiziň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygynyň subutnamasy boldy.
Dabaraly harby ýörişe gatnaşan pyýada düzüminiň dowamyny Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň söweşjeň tehnikalaryň dürli görnüşleriniň kerweni düzdi.
Soňra howa giňişliginde peýda bolan harby dikuçarlar we uçarlar hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Olar Asmanymyzyň asudalygynyň mizemez kepilidir.
Paýtagtymyzyň Baş münberinden geçen döwrebap söweşjeň tehnikalar döwletimiziň goranyş kuwwatlylygyny şöhlelendirmek bilen, ýene-de bir gezek milli goşunymyzyň kämil derejesini görkezdi.
Suratlara «Multimediýa» bölüminden syn edip bilersiňiz!
«Milli goşun».