Hormatly
Belent Serkerdebaşymyzyň «Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby
gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we
harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň
harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakyndaky» Permany esasynda, Türkmenistanyň
Konstitusiýasyna hem-de «Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky»
Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýurdumyzyň ähli künjeklerindäki harby
wekilliklerde 2019-njy ýylda harby gulluga çagyrylyşyň güýzki möwsümi
gyzgalaňly alnyp barylýar.
Türkmenler ata-babalarymyzdan
gelýän edermenlik, mertlik we Watanyny goramaga hemişe taýynlyk ýaly asylly
häsiýetleri şu güne çenli saklap gelipdirler. Bu däpler esasynda her bir
türkmen maşgalasynda Ýaragly Güýçlerimiziň hatarynda gulluk etmek mukaddes borç
hasaplanýar, ony şu günki günde türkmen ýaşlarynyň goşun gullugyna bolan gyzyklanmalaryndan
hem görmek bolýar.
Häzirki wagtda
«Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky» Türkmenistanyň Kanuny esasynda
geljekde Watan goragynyň mizemez sütüni boljak esgerler lukmançylyk
gözegçiliginden geçýärler, psihologik taýdan seljerilýär, şondan soňra iş
topary olaryň başarnyklaryny, ruhy-psihologik häsiýetlerini we goşun görnüşleri
boýunça isleglerini nazara alyp, çagyryş boýunça harby gulluga kabul edýär.
Şu ýerde
bellemeli zatlaryň biri «Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky»
Türkmenistanyň Kanunynyň 19-njy maddasynyň 1-nji bölüminiň 3-nji bendinde
görkezilişi ýaly, daşary ýurtlaryň
ýokary okuw mekdeplerinde okaýan raýatlara (ozal şeýle okuwda okamadyk
bolsalar) 26 ýaşy dolmazlyk şerti bilen,
okuwyň möhletine barabar çagyryş möhletini yza süýşürmek mümkinçiligi berilýär.
Internaturalar, aspiranturalar, doktoranturalar Kanun boýunça harby gulluga
çagyryş möhletini yza süýşürmäge esas bermeýär.
Eger-de harby
gulluk bilen bagly soraglaryňyz bar bolsa, web-saýtymyzyň «Harby hukuk» bölüminde «Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky»
Türkmenistanyň Kanuny bilen dolulygyna tanşyp, jogap tapyp bilersiňiz. «Sorag-jogap» bölüminden bolsa harby
gulluk barada ýygy-ýygydan berilýän soraglaryň jogaplary bilen tanşyp
bilersiňiz. Şeýle hem web-saýtymyzyň «Habarlaşmak üçin» penjiresinden harby gulluga degişli özüňizi gyzyklandyrýan soraglaryňyzy
ýollamagyňyza garaşýarys!
«Milli goşun».