milli goshun logo
Çagyryş möwsümi dowam edýär
Çagyryş möwsümi dowam edýär
03.05.2019 5060 Harby özgertmeler

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakyndaky» Permany esasynda, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de «Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýurdumyzyň ähli künjeklerindäki harby wekilliklerinde 2019-njy ýylda harby gulluga çagyrylyşyň ýazky möwsümi gyzgalaňly alnyp barylýar.

Degişli Kanuna laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlary 16 ýaşdan harby hasaba goýlup, harby gulluga çagyrylýan ýaşa çenli taýýarlyk işleri geçirilýär. Şol wagtyň dowamynda raýatlara, olaryň ýakyn garyndaşlaryna we ähli gyzyklanýan adamlara harby gulluk hakyndaky zerur düşünjeler berilýär. Harby hasapda saklanylýan döwrüň dowamynda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hünärmenleri lukmançylyk barlagyny geçirýärler. Onuň netijesinde bejeriş-sagaldyş çäreleriniň geçirilmegi barada görkezme berilýär. Erkek raýatlar 18 ýaşdan 27 ýaşa çenli harby gulluga çagyrylmaga degişli edilýär. Şeýle-de, Kanunda degerli ýeňillikler hem göz öňünde tutulandyr. Ýagny, lukmançylyk güwä geçmegiň esasynda harby gulluga ýaramsyz diýlip ykrar edilen raýatlar, ýarawsyzlygy sebäpli harby gullugy wagtlaýyn yza süýşürilen raýatlar, alymlyk derejesi bolan raýatlar, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde okaýan raýatlar (we beýlekiler) bellenen tertipde (hemişelik we wagtlaýyn) harby gulluga çagyryşa degişli däl diýlip bellenilýär.

Türkmenler ata-babalarymyzdan gelýän gahrymanlygy, mertligi we Watanyny goramaga taýynlygy ýaly asylly häsiýetlerini şu güne çenli saklap gelipdirler. Bu däpler esasynda her bir türkmen maşgalasynda Ýaragly Güýçleriň hatarynda gulluk etmeklik mukaddes borç hasaplanýar, ony şu günki günde türkmen ýaşlarynyň goşun gullugyna bolan gyzyklanmalaryndan hem görmek bolýar. Muny web-saýtymyzyň elektron poçtasyna gelip gowuşýan hatlar hem aýdyň subut edýär. Olar daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan harby gulluga çagyryşa degişli bolan raýatlaryň çagyryş möhletini yza süýşürmekligiň Kanun boýunça nähili amala aşyrylýandygy bilen köp gyzyklanýarlar. «Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 19-njy maddasynyň 1-nji bölüminiň 3-nji bendinde görkezilişi ýaly, daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan raýatlara (ozal şeýle okuwda okamadyk bolsalar) 26 ýaşy dolmazlyk şerti bilen, okuwyň möhletine barabar çagyryş möhleti yza süýşürmek mümkinçiligi berilýär. Internaturalar, aspiranturalar, doktoranturalar Kanun boýunça harby gulluga çagyryş möhletini yza süýşürmäge esas bermeýär.

«Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky» Türkmenistanyň Kanuny esasynda geljekde Watan goragynyň mizemez sütüni boljak esgerler lukmançylyk gözegçiliginden geçýärler, psihologik taýdan seljerilýär, şondan soňra iş topary olaryň başarnyklaryny, ruhy-psihologik häsiýetlerini we goşun görnüşleri boýunça isleglerini nazara alyp, çagyryş boýunça harby gulluga kabul edilýär.

Olar çagyryş boýunça harby gullugyň 2 ýylynyň dowamynda ähli babatda doly taplanýarlar, köp zatlary öwrenýärler, harby tälimleri özleşdirýärler, belli bir hünäri ele alýarlar. Häzirki wagtda hem harby gulluga çagyryşyň ýazky möwsümini ýokary derejede geçirmek, geljekki ýaş esgerleriň harby gulluga bolan hyjuwyny artdyrmak babatda ýurdumyzyň ähli harby wekilliklerinde we harby bölümlerinde degişli işler yzygiderli geçirilýär.

Hormatly okyjylar! Eger-de harby gulluk bilen bagly soraglaryňyz bar bolsa, web-saýtymyzyň www.milligosun.gov.tm «Harby hukuk» bölüminde «Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky» Türkmenistanyň Kanuny bilen dolulygyna tanşyp, jogap tapyp bilersiňiz. «Sorag-jogap» bölüminden bolsa harby gulluk barada ýygy-ýygydan berilýän soraglaryň jogaplary bilen tanşyp bilersiňiz. Şeýle hem web-saýtymyzyň «Habarlaşmak» penjiresinden harby gulluga degişli özüňizi gyzyklandyrýan soraglaryňyzy ýollamagyňyza garaşýarys!

«Milli goşun».