milli goshun logo
Çagyryş boýunça harby gullugyň 2 ýylynyň hünär mümkinçilikleri
Çagyryş boýunça harby gullugyň 2 ýylynyň hünär mümkinçilikleri
20.05.2019 2049 Harby özgertmeler

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakyndaky» Permany esasynda, Türkmenistanda harby gulluga çagyryş möwsümi üstünlikli amala aşyrylýar. Ýagny, 18-den 27 ýaş aralygyndaky harby gulluga ýaramly erkek raýatlar 2 ýyl möhlet bilen harby gullugyň hataryna alynýar.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gulluga çagyryş – iki möwsümde amala aşyrylýar, ýagny ýazky we güýzki çagyryş möwsümleri. Şu günki günde harby wekillikler tarapyndan harby gulluga çagyrylan raýatlar okuw, türgenleşik we zehin aýratynlyklary boýunça degişli harby bölümlere paýlanýar. Harby wekillikleriň esasy maksady – harby gulluga çagyryşa degişli raýatlary öz ukyp-başarnyklaryna laýyklykda harby bölümlere ugratmakdyr.

«Harby gulluga çagyrylanlar bilen söhbetdeş bolanyňda, olaryň harby gulluga höweslidiklerine göz ýetirýärsiň. Söhbetdeşliklerden soň, olaryň öz isleglerini we raýat wagty alan hünärlerini nazara alyp, özüni gowy tarapdan görkezip biljek harby bölümlere paýlaýarys» diýip, Ahal welaýat harby wekilliginiň 2-nji bölüminiň başlygy kapitan Guwanç Gowşakow aýtdy.

Türkmenistanyň «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Kanunyna laýyklykda raýatyň harby wekilligiň çagyryş nokadyndan harby bölüme ugradylan güni harby gullugyň başlanan güni hasap edilýär. Soňra, 24 aýdan soň çagyryş boýunça gullugy tamamlanan diýlip hasaplanylýar we raýat öz ýaşaýan ýerine degişli harby wekillikde harby hasaba alynýar.

Öňümizdäki iýun aýynda 2 ýyl çagyryş boýunça harby gullugyny tamamlaýan seržant Agajan Babajanow iki ýylyň içinde kän zatlary öwrenenligi barada gürrüň berýär. Harby gulluga çagyryş möwsümi başlananda ol çagyryş hatyna garaşman harby wekillige meýletin ýüz tutýar. Ýaragly Güýçlerimiziň hatarynda gulluga başlan ilkinji gününden bäri ol Watan goragynyň mukaddesligine doly düşünýärdi.

«Gullukda men tankçy hünärini öwrendim. Bir ýyl geçmänkä meniň üstünlikli gullugym tankçylyk batalýonynyň tank serkerdesi wezipesine bellenmegime getirdi. Meniň üçin gulluk diňe borç däl, eýsem aýratyn mukaddeslikdir» diýip, seržant Agajan Babajanow sözüni dowam etdi. «Gulluga gelen günüňden başlap öwrenýän harby hünäriň öz Watanyňy, maşgalaňy goramak üçin derkar boljagyna düşünmelisiň. Men bu zatlara milli goşunymyzyň düzümine girmänkämem düşünýärdim. Diňe şeýdeniňde, çagyryş boýunça harby gullukdan boşadylanyňda, gulluk borjuňy doly ýerine ýetirenligiň hakyndaky duýgular kalbyňda müdimilik galar».

Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän esger ilki bilen birnäçe günläp umumygoşun taýýarlygyny geçýär, soňra ol harby wezipä bellenilýär. Mysal üçin – pulemýotçy, tankçy, aragatnaşykçy we ş.m. Iki ýyl gullugyň dowamynda esgere bellenen wezipesini ýokary derejede ýerine ýetirmek üçin okuw we tejribe sapaklary yzygiderli geçirilýär.

Berkidilen wezipesi boýunça üstünliklere ýeten esgerlere harby derejeler berilýär. Ondan başga-da, çagyryş boýunça gullugy geçen raýatlara öz hünäri boýunça görkezen ýokary üstünliklerini görkezýän häsiýetnama berilýär. Umuman, 2 ýyl möhlet bilen Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde çagyryş boýunça harby gullugyny geçýän esgerlere bilim almaga, öz hünär ugry boýunça gulluk etmeklerine serkerdeler düzümi tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär.

Sportuň başa-baş söweş hünäri boýunça ýokary bilim alan Allanur Pudakow çagalykdan bäri desant goşunlarynda gulluk etmäge höwesekdi. Ol başa-baş söweş sungatynyň inçe tilsimlerini ele alyp, bu ugurdan sport ussatlygyna dalaşgärlik derejesine çenli baryp ýetdi. Ol harby gulluga çagyryşyň ýazky möwsümi başlanan güni harby wekillige meýletin ýüz tutup, harby gulluga ýaramlylygyny tassyklatmaga bardy.

«Eýýäm 16 ýaşymda men harby hasaba alnan günümden harby gulluga gitmekligi meýilleşdirip ugradym. Ýöne bir hünäri doly ele alsam, Watan goragyna has köp peýda getirerin diýen maksat bilen arzuw edýän hünärimi ýokary okuw bilen berkitmegi makul bildim. Indi maňa başa-baş söweş sungatyny harby söweş sungaty bilen utgaşdyraýmak galýar. Şonuň üçin hem harby wekillige çagyryş möwsümi başlanan güni lukmançylyk gözegçiliginden geçmek üçin wagt ýitirmän ýüz tutdum» diýip, Allanur Pudakow aýdýar. «Men Watan goragynda döredilýän ähli mümkinçilikler bilen jikme-jik tanyşdym. Harby wekillikde maňa takyk hemme maglumatlary aýtdylar, ele alan hünärimi doly açyp biler ýaly haýsy harby bölümde gulluk etsem gowy boljagyny maslahat berdiler».

Tiz wagtdan ýaş oglanlaryň müňlerçesi Ýaragly Güýçlerimiziň hataryny doldurarlar. Şeýlelikde olar 2 ýyl harby gullugynyň çäklerinde dürli harby hünärleri ele alarlar. Olar diňe harby hünärleri öwrenmek bilen çäklenmän, eýsem, raýat hünärlerinde hem öz ussatlyklaryny kämilleşdirerler.

«Milli goşun».