Türkmenistanyň BMG-ä girmeginiň 29 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Türkmenistan we Birleşen Milletler Guramasy: parahatçylygy we ynanyşmagy gazanmagyň ugrunda hyzmatdaşlyk» atly maslahata gatnaşyjylara
Ýurduňyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edilmeginiň 29 ýyllygy mynasybetli Türkmenistany gutlamaga şatdyryn.
Türkmenistan BMG-niň abraýly agza döwleti bolup durýar hem-de guramanyň maksatlaryna ýetmekde işjeň we netijeli orny eýeleýär, şol sanda sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we öňüni alyş diplomatiýasyny ilerletmek arkaly ähmiýetli işleri amala aşyrýar.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi, ýurduňyzda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň edara binasynyň ýerleşdirilmegi hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäklerinde döwletiň köp sanly başlangyçlary, şol sanda Baş Assambleýanyň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan eden Kararnamasy — bularyň hemmesi parahatçylygy, howpsuzlygy we rowaçlygy pugtalandyrmak boýunça biziň umumy tagallalarymyza mynasyp goşantdyr.
Türkmenistana yzygiderli tagallalary üçin hoşallygymy hem-de bu sene mynasybetli gutlaglarymy beýan edýärin.
Antoniu Guterriş,
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary