Gökdepe
etrabynyň Yzgant şäherçesinde ýerleşýän Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky
Medeniýet köşgünde «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» diýip yglan edilen
üstümizdäki ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa Türkmenistanyň
Ýaragly Güýçleriniň dürli goşun görnüşleriniň harby gullukçylary we
Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň harby
okuwçylary gatnaşdylar.
Medeniýet
köşgüniň sahnasyna çykyş etmek üçin jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary we
hormatly ýaşulular çagyryldy. Olar Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlar syýasatynyň
netijesinde Türkmenistanda ýetginjekleriň döredijilik we ylmy ukyplaryny açmaga
gerek bolan ähli şertleriň döredilendigini nygtadylar. Çykyş edenler merdana
halkymyzyň watançylyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk, ynsanperwerlik ýaly ajaýyp
häsiýetlerini özünde jemleýän nesilleri terbiýelemegi Watanymyzyň gülläp
ösmeginiň örän zerur şertleriniň biri diýip bellediler.
Belli bolşy
ýaly, üstümizdäki ýylda Türkmenistanda halkara derejede ykrar edilen Bitaraplyk
statusynyň 25 ýyllygy bellenilýär. Geçirilen çäräniň möhüm bölegi ýurdumyzyň
içerki we daşarky syýasatynyň esasynda goýulan ýörelgäniň asyl manysyny ýaş
harby gullukçylarymyza düşündirmekden ybarat boldy.
Çärede diňe bir hormatly myhmanlar
däl, eýsem, esgerler hem çykyş etdiler. Olar Bitaraplygyň ähli ýurtlar bilen
dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak üçin ajaýyp şertleri
döredýändigini belläp geçdiler. Şol sanda olar üstümizdäki ýylda geçiriljek
parahatçylyk, howpsuzlyk we ösüş meseleleri boýunça halkara maslahatynyň
wajypdygy barada aýtdylar.
Soňra Medeniýet köşgüniň sahnasynda
aýdym-sazly çykyşlar bilen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi
serkerdeler öýüniň «Merdana nesiller» aýdym-saz toparynyň harby gullukçylary
çykyş etdiler. Öz aýdymlarynda olar berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni
hem-de hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda ýetilen rowaçlyklary
wasp etdiler.
«Milli goşun».