milli goshun logo
Bitaraplyk syýasatynyň dabaralanmagy
Bitaraplyk syýasatynyň dabaralanmagy
12.12.2019 1376 Harby özgertmeler

12-nji dekabrda ýurdumyzda giň gerimde Halkara Bitaraplyk güni bellenildi. Däp bolşy ýaly, baýramçylygyň bosagasynda birnäçe binalaryň dabaraly açylyşy geçirildi. Dabaraly ýagdaýda ýaşaýyş jaýlary, önümçilik desgalary ulanylmaga berildi.

Şu gün irden paýtagtymyz Aşgabatda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň gatnaşmagynda Bitaraplyk binasyna gül goýluşyk dabarasy geçirildi. Bitaraplyk baýramy mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeginde başga-da dabaraly çäreler, baýramçylyk konsertleridir sergiler geçirildi.

Şeýle çäreler Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde hem guraldy. Baýramçylygyň bosagasynda harby gullukçylar dabaraly mejlislere işjeň gatnaşdylar. Harby bölümleriň serkerdeleriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasarlary tarapyndan esgerler üçin Bitaraplyk syýasatynyň dabaralanmagyna hem-de Türkmenistanyň halkara abraýynyň beýgelmegine bagyşlanan multimediýa prezentasiýalary geçirildi.

Degişli çäreler Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň garamagyndaky ýokary okuw mekdeplerinde we Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerinde hem guraldy. Harby talyplar we harby okuwçylar üçin Bitaraplygyň düzgünnamalaryna we maksatlaryna bagyşlanan açyk sapaklar we maslahatlar geçirildi.

«Milli goşun».