milli goshun logo
Birkemsiz gullugyň mynasyp serpaýy
Birkemsiz gullugyň mynasyp serpaýy
26.01.2019 805 Harby özgertmeler

Her ýylyň 27-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen döwlet derejesinde Watan goragçylarynyň güni uly dabara bilen bellenilýär. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň 25-nji ýanwarda Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde gol çeken Permanyna laýyklykda, Bitarap Türkmenistanyň garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, goranmak ukybyny berkitmäge goşan uly şahsy goşantlary üçin hem-de berkarar Watanymyza köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz gulluk edendiklerini, döwletimiziň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny nazara alyp, şeýle hem Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylary Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglanyldy we olara harby we ýörite atlar dakyldy hem-de hünär derejeleri berildi.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde  Türkmenistanyň Goranmak ministrliginden döwlet sylaglaryna we harby atlara mynasyp bolan harby gullukçylara sylaglaryň we harby atlaryň gowşurylyş dabarasy boldy.

Watanymyzy, ýurdumyzy ösdürmek üçin her bir edilýän işleriň sarpasy Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe belentden tutulýar. Bu bolsa geljekde Watanymyzyň ösüşiniň has-da ilerlejekdigini, ýurt goragynyň has-da pugtalandyryljakdygyny alamatlandyrýar. Biz hem şu pursatdan peýdalanyp, döwlet sylaglary bilen sylaglanan, we nobatdaky harby atlara eýe bolan ildeşlerimiziň ählisini tüýs ýürekden gutlaýarys! Baýramyňyz we sylaglaryňyz gutly bolsun, hormatly Watan goragçylary!

«Milli goşun».