Halkara sergä we ylmy maslahata
gatnaşyjylar!
Hormatly myhmanlar!
Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde «Bilim we sport Berkarar döwletimiziň
bagtyýarlyk döwründe» atly halkara serginiň açylmagy hem-de ylmy maslahatyň öz
işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bu serginiň we ylmy maslahatyň
halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde we giňeltmekde, özara tejribe alyşmakda uly
ähmiýete eýe boljakdygyna ynanýaryn.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk
döwründe Türkmenistan ykdysady we medeni-durmuş ulgamlarynda uly üstünlikleri
gazanyp, sazlaşykly ösýän ýurtlaryň hatarynda öňdäki orunlary eýeleýär. Häzirki
zaman şertlerini we Garaşsyz döwletimiziň ösüşiniň geljegini nazara alyp,
ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny, şol sanda bilim hem-de sport ulgamlaryny
yzygiderli kämilleşdirmek boýunça milli maksatnamalarymyzy hem-de bu ugurdaky
toplumlaýyn özgertmelerimizi üstünlikli durmuşa geçirýäris.
Ýurdumyzda döwrebap bilim
edaralaryny hem-de iri sport toplumlaryny gurmak, giň dünýägaraýyşly,
ylymly-bilimli, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan
nesli terbiýelemek, şeýle hem jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini,
bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty ösdürmek babatda uly tejribe toplandy.
Biz daşary ýurtlaryň, halkara
guramalaryň, işewürler düzümleriniň, bilim we ylym merkezleriniň gatnaşmagynda
hyzmatdaşlygyň berk binýadyny döredýäris.
Garaşsyz ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat
şäherinde, welaýatlarda we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda halkara
derejede geçirilýän forumlar, maslahatlar, sergiler, festiwallar,
olimpiadalardyr çempionatlar örän netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna,
bilimde we sportda täze üstünlikleriň gazanylmagyna uly täsir edýär. «Bilim we
sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara sergä hem-de
ylmy maslahata alymlaryň we professorlaryň, iri halkara sport guramalarynyň
wekilleriniň, iň häzirki zaman kompýuterlerini, barlaghana enjamlaryny, mekdep
mebellerini, okuw-görkezme esbaplaryny, sport lybaslaryny we esbaplaryny
öndürýän, programma üpjünçiligini taýýarlaýan meşhur kompaniýalaryň gatnaşmagy
bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly itergi berer.
Gadyrly myhmanlar!
Häzirki döwürde biz bilim
işgärleriniň döredijilikli zähmet çekmegine hemmetaraplaýyn ýardam berýäris.
Milli ykdysadyýetimiziň ösüş aýratynlyklaryna laýyklykda, biz durmuş ulgamyna
degişli desgalar bilen bir hatarda häzirki zaman bilim edaralaryny gurýarys,
täze ýokary okuw mekdeplerini döredýäris, halkara bilim gatnaşyklaryny has-da
ösdürýäris. Dünýäniň ösen döwletlerinde bolşy ýaly, Garaşsyz ýurdumyzda
innowasiýalaryň, täze bilimleriň, ylmyň, tehnologiýalaryň hem-de bäsdeşlige
ukyplylygyň möhüm hereketlendirijisine öwrüljek sanly bilimi ösdürmegi
yzygiderli dowam etdirýäris.
Halkara serginiň hem-de ylmy
maslahatyň çäklerinde siz Aşgabat şäherindäki bilim edaralarynda öňdebaryjy dünýä
tejribeleriniň mugallymçylyk işine ornaşdyrylyşy, sanly bilim ulgamyny
ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalarynyň
amala aşyrylyşy bilen tanşyp, ýurdumyzyň dünýäde tutýan ornunyň hemmetaraplaýyn
berkeýändigine şaýat bolarsyňyz.
Gadyrly dostlar!
Türkmenistan
köpçülikleýin bedenterbiýäni, olimpiýa hereketini hem-de sport medeniýetini
ösdürmek bilen, sport äleminde gülläp ösýän ýurt hökmünde giňden tanalýar.
Gysga döwürde
jemgyýetimiziň sagdynlygynyň, nesillerimiziň beden we ruhy taýdan sazlaşykly
ösüşiniň möhüm bölegi hökmünde giň gerimli sport özgertmelerimizi hem
üstünlikli amala aşyryp, paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda döwrebap sport
desgalaryny, iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen stadionlary, sport
mekdeplerini, atçylyk-sport toplumlaryny, sport meýdançalaryny gurduk.
Bu ugurda
alnyp barylýan işler Türkmenistany iri sport çärelerini ýokary derejede
guramaga hem-de geçirmäge ukyply döwletleriň hatarynda dünýä äşgär etdi.
Üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary,
Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça geçirilen köpçülikleýin welosiped we ylgaw
ýaryşlary, «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi, Agyr atletika boýunça Dünýä
çempionaty biziň ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende göterdi. Birleşen
Milletler Guramasynyň her ýylyň 3-nji iýunyny Bütindünýä welosiped güni diýip
yglan etmegi biziň ählumumy ösüşiň, parahatçylygyň we rowaçlygyň bähbitlerine
gönükdirilen sport diplomatiýamyzyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylýandygyna
şaýatlyk edýär. Biz ýurdumyzyň beýik geljeginiň bähbidine bilim we sport
ulgamlaryny ösdürmek ugrunda alyp barýan işlerimizi geljekde hem dowam
etdireris.
Gadyrly myhmanlar!
Hormatly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylar!
Sizi «Bilim we sport Berkarar
döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň öz
işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Siziň her biriňize berk jan saglyk, uzak ömür, abadan we bagtyýar durmuş, alyp
barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW