Täze eýýama altyn harplar bilen ýazylan Arkadag
Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň tamamlanyp barýan günleri ýaşlaryň durmuşynda
ýatdagalyjy pursatlary galdyrdy. Ýaşlar bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň,
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik ynamyny ödäp, agzybir türkmen halkymyzyň
buýsanjyny goşalandyrýarlar.
Şu gün – 28-nji dekabrda Arkadag Serdarly
bagtyýar ýaşlar ýylynda aýratyn tapawutlanan ýaşlara Türkmenistanyň hormatly
Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlaryň hem-de şahadatnamanyň,
ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan sowgatlaryň we
hormat hatynyň gowşurylyş dabaralary ýurdumyzyň ähli toplumlarynda
ýaýbaňlandyryldy. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde hem ýaşlar ýylynyň dowamynda ýurdumyzyň mukaddes
Garaşsyzlygyny, döwlet özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion
gurluşyny, Döwlet serhedimiziň mizemezligini, eziz Diýarymyzyň howpsuzlygyny,
jemgyýetçilik asudalygyny, milli kanunçylygymyzy ygtybarly goramakda aýratyn
tapawutlanan, şeýle hem merdana ata-babalarymyzyň mertlik ýoluny mynasyp dowam
edýän edermen ýaş Watan goragçylaryny sylaglamak dabarasy geçirildi. Oňa harby
we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylary, harby talyplar, harby
okuwçylar hem-de esgerler uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.
Ata Watanymyzyň ösüş-özgerişlerine mynasyp goşant goşan ynsanlaryň gadyry bilinýär. Olar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sylag-serpaýlaryndan paýly bolýar. Ine, şolaryň hatarynda harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň bolmagy hem olara goýulýan hormat-sarpanyň, beýik ynamyň aýdyň ykrarnamasy boldy.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda eýe bolan sylag-serpaýlaryňyz gutly bolsun, merdana Watan goragçylary!