Beýik Ýeňiş
gününe bagyşlanyp geçirilýän çäreler, dabaralar ýurdumyzda giňden
ýaýbaňlandyrylýar. «1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan
Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglanan ildeşlerimiz dabaralaryň
iň arzyly myhmanlary bolýarlar. Şeýle dabaralar ýurdumyzyň demirgazyk welaýaty
bolan Daşoguzda hem üstünlige beslendi.
Daşuguz
welaýat häkimligi, welaýatyň iri jemgyýetçilik guramalary hem-de Türkmenistanyň
Goranmak ministrliginiň ýerli harby wekillikleri tarapyndan guralan dabara
Watan üçin gara başyny orta goýan mertleri tirsegine galdyrdy. Bagtyýar
günlerimize şaýat bolup, aramyzda gezip ýören uruş weteranlarynyň ruhy bu gün
has belentde. Olaryň ählisi ýubileý medallary we sowgatlar bilen
sylaglanýarlar. Şanly sene mynasybetli döwlet sylagyna mynasyp bolup, saglyk
ýagdaýy sebäpli dabaralara gatnaşyp bilmedik weteranlara sylaglar olaryň
mukaddes öý-ojaklarynda gowşurylýar.
Çäreleriň
suratlaryny «Multimediýa» bölümimizden görüp bilersiňiz.
«Milli goşun».