30.10.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Beýik Watançylyk urşunyň weteranlary we tyl zähmetkeşleri ýubileý medallary bilen sylaglanýarlar
Beýik Watançylyk urşunyň weteranlary we tyl zähmetkeşleri ýubileý medallary bilen sylaglanýarlar
02.05.2020 287 Harby Durmuş

Üstümizdäki ýylda ýurdumyzda Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy giň gerimde bellenilýär. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, şanly sene mynasybetli dürli dabaraly çäreler geçirilýär. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň wekilleri uruş weteranlaryny, urşa gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlaryny we tyl zähmetkeşlerini «1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medallary bilen sylaglaýarlar.

Bu ýubileý medalynyň döredilmegi uruş weteranlarynyň beýik edermenligine, gahrymançylygyna we gaýduwsyzlygyna goýulýan hormatdan nyşandyr. Olary sylaglamak boýunça dabaraly çäreler ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda we paýtagtymyzda döredijilik toparlarynyň we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda geçiriler.

1-nji maýda bu dabaralara Ahal welaýatynda badalga berildi. Çäreler ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, ýaşulylaryň, harby gullukçylaryň gatnaşmaklarynda köpçülikleýin dabaralar geçirilýän ýerlerinde, medeniýet öýlerinde ýokary guramaçylykly geçirildi. Bu çärelere gatnaşmaga mümkinçiligi bolmadyk weteranlara ýubileý medallary olaryň ýaşaýan ýerinde gowşuryldy.

Çäreleriň suratlaryny «Multimediýa» bölümimizden görüp bilersiňiz.

«Milli goşun».