milli goshun logo
Beýik Watançylyk urşunyň gahrymanlaryna bagyşlanan dabara
Beýik Watançylyk urşunyň gahrymanlaryna bagyşlanan dabara
09.05.2019 1290 Harby özgertmeler

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde ýurdumyzda giňden bellenilýän Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş baýramçylygy mynasybetli harby gullukçylaryň döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda konsert geçirildi. 1941–1945-nji ýyllar urşunyň weteranlary, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, harby weteranlar, serkerdeler, harby okuwçylar we Ýaragly Güýçlerimiziň harby gullukçylary dabaranyň hormatly myhmanlary boldular.

Dabaranyň öňüsyrasynda myhmanlar Merkezi serkerdeler öýünde Beýik Watançylyk urşunda gahrymançylyk görkezen ata-babalarymyzyň edermenliklerini şöhlelendirýän türkmen milli sungaty bilen tanyşdylar.

Dabarada çykyş edenler weteranlara uly hoşallyk bildirip, esasanam hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň mähriban atasy Berdimuhamet Annaýewiň edermenligini, batyrlygyny aýratyn belläp geçdiler. «Ilhalar ynsan, ussat mugallym, gaýduwsyz watançy ýaş nesillerimiz üçin nusgalyk mekdep bolup durýar» diýip, dabara gatnaşyjylar nygtadylar.

Soňra sahnada Milli Goşunymyzyň harby gullukçylarynyň döredijilik toparlary Beýik Watançylyk urşuna bagyşlanan aýdymdyr sazlary, edebi-çeper kompozisiýalary ýerine ýetirdiler. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar tarapyndan hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň adyna Ýüzlenme kabul edildi.

Dabaranyň tamamlanmagy bilen Merkezi serkerdeler öýünde Ýeňiş güni mynasybetli toý sadakasy berildi.

Dabaranyň fotosuratlaryny «Multimediýa» bölüminden görüp bilersiňiz!

«Milli goşun».